Bolgariýada Mi-17 kysymly harby dik uçar heläkçilige uçrady

Dik uçar heläkçiligi bilen arabaglanşykly derňew işiniň gozgalandygy bellenildi

Bolgariýada Mi-17 kysymly harby dik uçar heläkçilige uçrady

Bolgariýanyň Filibe şäherinde Russiýada öndürlen Mi-17 kysymly harby dik uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 2 uçarman ýogaldy.

Bolgariýanyň Milli BNR radioasy ýurduň günorta gündogarynda ýerleşýän Filibe şäherinde Krumowy howa güýçleriniň harby bazasynda Russiýada öndürlen Mi-17 kysymly harby dik uçaryň ýere gaçandygyny habar berdi.

Heläkçilikde iki uçarmanyň ýogalandygy nygtaldy.

Dik uçar heläkçiligi bilen arabaglanşykly derňew işiniň gozgalandygy bellenildi.



Degişli Habarlar