Şwesiýa owgan ýaşlaryndan 9 müň sanysyna ýaşaýyş rugsatnamasyny berer

Şwesiýa owgan ýaşlaryndan 9 müň sanysyna okuwlaryna dowam etmek şerti bilen ýaşaýyş rugsatnamasyny berer

Şwesiýa owgan ýaşlaryndan 9 müň sanysyna ýaşaýyş rugsatnamasyny berer

Bikanun ýollardan ýurda giren 18-22 ýaş aralygyndaky owgan ýaşlaryndan 9 müň sanysyna ýaşaýyş rugsadynyň berilmegini öz içine alýan kanun taslamasy, ýaşlaryň okuwlaryna dowam etmegi şerti bilen Mejlisde kabul edili.

Owgan ýaşlaryna ýaşaýyş rugsadynyň berilmegi baradaky taslama 162 ses bilen kabul edildi.

139 halk deputaty taslama garşy berdi.

Taslama oppozisiadaky Liberal sagçy partiýa hem goldaw berdi.

Liberal sagçy partiýanyň başlygy Annie Lööf sese goýulşykdan soň eden çykyşynda “Ynsanlary jezalandyrmak dogry däl.  Şu günki sese goýulşygyň netijesinde ýaşlara uly mümkinçilik döredildi. Ýaşlar üç aýyň dowamynda ýaşaýyş rugsady üçin ýüz tutup bilerler” diýdi.


Etiketkalar: owgan , raýatlyk , Şwesiýa

Degişli Habarlar