Gresiýa musulman türk azlygynyň hukuklaryny basgylamaga dowam edýär

Onuň soňky mysaly müftilik meselesinde görülýär

Gresiýa musulman türk azlygynyň hukuklaryny basgylamaga dowam edýär

Gresiýada çap edilýän “Millet gazetiniň eýesi we baş redaktory Ksantidäki we Komodinidäki müftilikleriň müftileriniň saýlaw ýoly bilen däl, eýsem ýokardan bellenme usuly bilen wezipä gelmegini tankyt edendikleri sebäpli 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Günbatar Frakiýada Ksantidäki we Komodinidäki bellenen müftiler Mehmet Emin Sinikogly we Jemali Meçonuň Ksantiden çap edilýän “Millet” gazetinde Hasankaýanyň goly bilen çap edilen makalalardan birinde kemsidilendikleri sebäpli gazetiň eýesi Ömer we Hasankaýa garşy gozgalan kazyýet işine Ksantiniň Çç kazyly jenaýat kazyýetinde seredildi.

Kazyýet Ömeriň we Hasankaýanyň her haýsynyň 3 ýyl gaýragoýulmaly 20 aý azatlykdan mahrum edilmegi barada höküm çykardy.

Karara närazylyk bildiren Ömer we Hasankaýa boşadyldy.

Hasankaýa “Anadoly” habarlar gullugynyň habarçysyna beren beýannamasynda Günbatar Frakiýada musulman türk azlygynyň ylalaşyklar bilen kepillendirilen hukuklarynyň grek hökümeti tarapyndan yzgiderli häsýetde basgylanýandygyny nygtap, “Millet” gazetine garşy şol hukuk bozmalaryny metbugat arkaly gün tertibine getirýändigi üçin kazyýet işleriniň gozgalandygyny aýtdy.

Günbatar Frakiýanyň müftilik meselesiniň “adaty azlyk meselelerinden” biridigini beýan eden Hasankaýa; “Günbatar Frakiýanyň musulman türkleriniň din we wyždan azatlygy taýdan iň bir başlangyç hukugy bolan dini guramalaryny dolandyrma hukugy bökdelýär. Müftilik guramasy musulmanlaryň iň bir mährem guramalarydan biri. Musulman bolmadyk ýurtda müftilik guramasynyň dolanşygyna kimiň laýykdygyny musulman türk jemagatyndan gowy bilýän ýok. Gynansagam grek hökümeti Günbatgar Frakiýa musulman türklerine geňeşmän, diýdimzorlyk bilen jemgyýetiň makullamaýan başarnyksyz we adamkärçiliksiz adamlary müftiligiň başyna zor bilen belleýär” diýdi.

Hasankaýa iş gozgalan makalasynda Ksantidäki we Komodinidäki müftiliklere ýokardan bellenen müftileriň musulman halk tarapyndan saýlaw bilen bellenmändigi üçin ylalaşyklara we kanunlara bap gelmeýändigini, şeýlelikde “müfti derejesini götermäge hukuk gazanmandyklaryny” ýazypdy.

 


Etiketkalar: azlyk , türk , Gresiýa

Degişli Habarlar