Palestinalylaryň gorag astyna alynmagy üçin çäre görülmegini talap edýän taslama BMG-da sese goýular

Ysraýyla goldaw berýän ABŞ bolsa taslamany weto etjekdigini mälim etdi

983488
Palestinalylaryň gorag astyna alynmagy üçin çäre görülmegini talap edýän taslama BMG-da sese goýular

Palestinaly asuda ilatyň halkara derejesinde gorag astyna alynmagy üçin çäre görülmegini talap edýän taslamanyň şu gün BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde sese goýulmagyna garaşylýar.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalaryndan Kuweýt tarapyndan hödürlenen we iki hepde-den bäri jedelleşilýän taslamanyň düýn sese goýulmagyna garaşylýardy.

Diplomatik töwerekler Kuweýdiň Ýewropa ýurtlarynyň goldawyny almak üçin taslama üýtgetme girizendigini habar berdi.

Howpsyzlyk geňeşinde weto ygtyýaryna eýe bolan we her platformada Ysraýyla goldaw berýän ABŞ bolsa girizilen üýtgetmelere garamazdan taslamany weto etjekdigini mälim etdi.

 



Degişli Habarlar