Günorta Koreýada ok-däri fabriginde partlama boldy

Partlamada bina zeper ýetdi

981500
Günorta Koreýada ok-däri fabriginde partlama boldy

Günorta Koreýada ok-däri fabrikleriniň birinde bolan partlamada we ondan soň ýüze çykan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy. 

Ýonhap agentligi Daežeon şäherindäki Hanwha adyndaky fabriginde ýüze çykan ýangynda ýaralanan 5 adamyň 3-siniň ýagdaýynyň agyrdygyny habar berdi. 

Resmiler sebite iberilen 29 ýangyn söndüriji ulag we 55 ýangyn söndüriji bilen ýangyny gözegçilik astyna alandyklaryny beýan etdiler. 

Partlamada bina uly zeper ýetdi. 

 



Degişli Habarlar