ABŞ-niň we Demirgazyk Koreýanyň liderleri duşuşyk geçirermi?

ABŞ-den bir wekiliýet ABŞ-niň we Demirgazyk Koreýanyň liderleriniň arasynda geçirilip bilinjek duşuşygyň taýarlygy üçin Singapura gider

979815
ABŞ-niň we Demirgazyk Koreýanyň liderleri duşuşyk geçirermi?

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sarah Sanders ABŞ-niň wekiliýetiniň ozal meýilleşdirilişi ýaly ABŞ-niň we Demirgazyk Koreýanyň liderleriniň arasynda geçirilip bilinjek duşuşygyň taýarlyklary üçin Singapura gitjekdigini habar berdi.

Metbugat işgärlerine mesele bilen baglanşykly beýanat beren Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sarah Sanders: “Ak Tamdan wekiliýet ozal meýilleşdirişimiz ýaly duşuşygyň geçirilmegi bilen bagly taýarlyk görmek üçin Singapura gider” diýip mälim etdi.

Emma Sanders duşuşygyň haçan geçiriljekdigi barada bolsa anyk maglumat bermedi.



Degişli Habarlar