Barak Obama we aýaly “Netflix” bilen ylalaşdy

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama we aýaly Mişel Obama prodýuserlik üçin  global teleýaýlym tory “Netflix” bilen ylalaşdy

Barak Obama we aýaly “Netflix” bilen ylalaşdy

“Netflixden” berilen ýazmaça beýannamada ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obamanyň we aýalynyň kimo-film we serial prodýuserligi üçin firma bilen ylalaşandygy nygtalyp, şol taslamalaryň arasynda ssenarili we ssenarisiz seriallaryň, dokumental filmleriň, dokumental seriallaryň we uzyn metražly filmleriň bolup biljekdigi habar berildi.

Beýannamada taslamalaryň 190 ýurtdaky 125 million “Netflix” ulanyjysyna ýetiriljekdigi mälim edildi.

ABŞ-nyň 44-nji Prezidenti Obama bolsa mesele baradaky beýannamasynda; “Jemgyýetçilik hyzmaty boýunça durmuşyň her bir pudagyndan täsir galdyryjy adamlar bilen tanyşdyk we olaryň tejribelerini has giň halk köpçüligine ýetirdik. Mişel we men ukyply, ylgam döredýän we döredijilikli adamlaryň eserlerini bütin dünýä ýetirmegi tama edýäris” diýdi.

“Netflixiň” aprel aýynda çap edilen soňky balansyna görä firma ýylyň ikinji çärýeginiň ahyrynda dünýä boýunça jemi abuna sanynyň 131 milliona ýetmegine garaşýar.


Etiketkalar: ylalaşmak , Netflix , Barak Obama

Degişli Habarlar