Ysraýylly esgerler palestinalylary göz tussaglygyna aldy

Ysraýylly esgerler Gaza serhedinde ABŞ-niň ilçihanasynyň Tel-Awiwden Iýerusalime göçürmegini we Nekbeniň 70-nji ýylyny protest etmek isleýän demonstrantlaryň käbirlerini göz tussaglygyna aldy

Ysraýylly esgerler palestinalylary göz tussaglygyna aldy

Ysraýylyň guşuny tarapyndan palestinaly ýetginjekleriň göz tussaglygyna alynmagy bilen baglanşykly häzirki wagta çenli hiç hili beýanat berilmedi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň şu gün beren ýazmaça beýanatyna görä düýnden bäri Gazanyň gündogarynda geçirilýän demonstrasiýarda şehit bolan adamlaryň sany 62-ä ýetdi, ýaralanan adamlaryň sany bolsa 2770-den geçdi.

Beýanatda şehit bolan adamlaryň 8-i 18 ýaşyndan kiçidigi, ýaralanan adamlaryň 225-i çaga we 86-synyň zenanlardan ybaratdygy mälim edildi.



Degişli Habarlar