Russiýa palestinalylara garşy aşa güýç ulanylmagyny ýazgardy

Russiýanyň Gaza serhedindäki ýagdaýyň agyrlaşmagyna çuňňur alada bildirýändigini aýdan Zaharowa taraplara dartgynlygy artdyrjak hereketlerden uzak durmaga çagyrdy

Russiýa palestinalylara garşy aşa güýç ulanylmagyny ýazgardy

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa ABŞ-niň Tel-Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegini protest eden palestinalalylara garşy Ysraýylyň harby güýç ulanmagyny ýazgarýandyklaryny habar berdi.

Mariýa Zaharowa geçiren metbugat ýygnagynda Russiýanyň Iýerusalim bilen baglanşykly pozisiýasynyň üýtgemändigini belläp: "Iýerusalim iki sany garaşsyz döwlet bolan Palestinanyň we Ysraýylyň paýtagty bolmaly, ýeke Hudaýly üç diniň her biriniň agzalaryna açyk bolmalydyr" diýdi.  

Russiýanyň Gaza serhedindäki ýagdaýyň agyrlaşmagyna çuňňur alada bildirýändigini aýdan Zaharowa taraplara dartgynlygy artdyrjak hereketlerden uzak durmaga çagyrdy. 

 



Degişli Habarlar