Owganystanyň Farah welaýatynda Talibanyň hüjümi yzyna serpikdirildi

Owganystanyň günbataryndaky Farah welaýatynyň merkezine duşenbe güni Talibany tarapyndan guralan hüjüm yzyna serpikdirildi

Owganystanyň Farah welaýatynda Talibanyň hüjümi yzyna serpikdirildi

Farahyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Naser Mehri: “Talibanyň Farahyň merkezine guran hüjümi yzyna serpikdirildi” diýdi.

Naser Mehri welaýat merkeziniň howpsyzlygyny üpjün edendiklerini, operasiýa NATO güýçleriniň howadan goldaw berendigini mälim etdi.

Operasiýada takmynan 200 terrorçynyň öldürilendigini aýdan Mehri 100 terrorçynyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Talibana agza takmynan 1000 terrorçy tarapyndan guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sanynyň 30-a ýetendigini aýdan Mehri olaryň 5-siniň asuda ilatdandygyny beýan etdi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa hüjümde 60 owgan esgeriň ölendigi we Farahyň merkezinden uzaklaşmandyklary öňe sürüldi.



Degişli Habarlar