Merkel Ysraýylyň Gazada 62 palestinalyny şehit etmegine reaksiýa bildirmedi

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşli geçirdi

Merkel Ysraýylyň Gazada 62 palestinalyny şehit etmegine reaksiýa bildirmedi

Germaniýa tarapyndan mesele barada berlen ýazmaça beýanata görä, Merkel telefon söhbetdeşliginde Ysraýyl döwletiniň 70 ýyllygy bilen gutlady, Gazadaky wakalara we dartgynlygyň möwjemegine alada bildirdi.

Merkel şehit palestinalylara bolsa hiç hili reaksiýa bildirmedi.

Merkel Germaniýanyň Ysraýylyň howpsyzlyk aladasyna düşünýändigini, söz azatlygy we parahatçylykly maksatly ýöriş geçirmek hukugynyň hyýanatçylykly peýdalanylmaly däldigini belledi.

 

 



Degişli Habarlar