Kerkukda türkmenleriň başladan protestleri dowam edýär

Yragyň Kerkuk şäherinde ýaşaýan Türkmenleriň umumy saýlawda galplyk edilendigi sebäpli başladan protestleri üç günden bäri dowam edýär

Kerkukda türkmenleriň başladan protestleri dowam edýär

Protest aksiýasyna gatnaşan Yrak Türkmen Frontunyň Kerkuk welaýat ýaşlarlar bölüminiň ýolbaşçysy Muhammet Gökkaýa; “Türkmen saýlawçylarynyň seslerine eýe çykmak üçin ýaşlar guramasy üç gije-gündizden bäri nobatda” diýdi.

Sesler el bilen sanalýança “nobata duran” ýerlerinden gitmejekdiklerini beýan eden Gökkaýa, “galp we hileli” saýlawyň ýeke-täk jogapkäriniň Ýokary saýlaw komissarlygydygyny aýtdy.

Maýypdygyna garamazdan maşgala agzalary bilen protest meýdanyna baran kerkukly Mustafa Hamzeli bolsa saýlawda beren sesleriniň hukugyndan başga zat islemeýändiklerini we hukuklaryny basgylatmajakdyklaryny aýtdy.


Etiketkalar: galplyk , saýlaw , protest , Kerkük

Degişli Habarlar