ABŞ-den soň indi bolsa Gwatemala ilçihanasyny Iýerusalime göçürdi

ABŞ-den soň indi bolsa Orta Amerika ýurdy Gwatemala Ysraýyldaky ilçihanasyny Tel-Awiwden Iýerusalime göçürdi

ABŞ-den soň indi bolsa Gwatemala ilçihanasyny Iýerusalime göçürdi

Ilçihananyň açylyş dabarasyna Gwatemalanyň Prezidenti Jimmi Morales, Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bilen birlikde ABŞ-niň Ysraýyldaky ilçisi Dewid Fridman gatnaşdy.

Açylyş dabarada çykyş eden Netanýahu ABŞ-niň ilçihanasyny Iýerusalime göçürmeginden 2 gün soň Gwatemalanyň hem bu ädimi etmeginiň bir tötänlik däldigini belläp, Gwatemalanyň hemişe ilkinjileriň arasynda bolandygyny beýan etdi.

Gwatemalanyň Ysraýylyň dostudygyny aýdan Netanýahu Gwatemalanyň ilçihanasyny Iýerusalime göçürmeginiň iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar taýdan adatdan daşary täze bir başlangyçdygyny nygtady.

Netanýahu Ysraýyl bilen Gwatemalanyň ençeme ugurda şol bir gymmatlyklara we maksatlara eýedigini belläp iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrjakdyklaryny habar berdi.



Degişli Habarlar