"ABŞ bilen Ysraýylyň “syýasy oýunlar” bilen dünýädäki musulmanlary Iýerusalimden aýyrmak isleýär"

Ruhani Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

"ABŞ bilen Ysraýylyň “syýasy oýunlar” bilen dünýädäki musulmanlary Iýerusalimden aýyrmak isleýär"

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ABŞ-nyň Tel Awiw şäherindäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmeginiň BMG-nyň kararlaryna bap gelmeýändigini we sebitiň parahatçylygyna we durnuklylygyna zeper ýetirjekdigini aýtdy.

Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat beren Ruhani, ABŞ bilen Ysraýylyň “syýasy oýunlar” bilen dünýädäki musulmanlary Iýerusalimden aýyrmak isleýändigini nygtady.

Ruhani “Sionist ulgam bilen ABŞ, palestinanyň halkyny basyş etmek bilen legal hak-hukuklaryndan mahrum ediris ýada musulmanlary öz topraklaryndan ýagny Iýerusalimdem aýyrarys öýdýärler. Emma gaty ýalňyşýarlar. Iýerusalim syýasy oýunlary bilen 1,5 milliardlyk ilata eýe bolan musulmanlardan aýrylyp bilinmez” diýdi.

Ysraýylyň Gazada hüjümleri barada hem durup geçen Ruhani, “Nekbe gününde palestinaly musulmanlar elleri boş meýdanlara çykdylar. Emma dünýä sionistleriň ýaragsyz asuda ilata hakyky gülleler bilen ot açandygyny gördü. Palestinanyň asuda halkyny gana buladylar we onlarça adamy öldürip, müňlerçe adamy ýaraladylar” diýdi.

Çykyşynda ABŞ-nyň ýurduna goýan täze embargolary barada hem durup geçen Eýranyň Prezidenti Ruhani “Eýranyň halky basyşa, embargo we söweş hemlesine boýun egmez” diýdi.

 

 


Etiketkalar: embargo , halk , ABŞ , beýanat , Hasan Ruhani , Eýran

Degişli Habarlar