Ysraýyl Siriýanyň günorta etraplaryna hüjüm gurady

Hüjümden soň Ysraýylyň Golan sebitinde duýduryş signallarynyň sesi gelmäge başlady

967747
Ysraýyl Siriýanyň günorta etraplaryna hüjüm gurady

Ysraýyl Siriýanyň günortarsyndaky Kuneýtra welaýatynyň Baas we Hadar etraplaryna tank we uçarlar bilen hüjüm gurady

Kuneýtra welaýatyndaky ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä Ysraýyla degişli harby güýçler tarapyndan basylyp alynan Golan depelerinden hüjüm etdi.

Hökümete degişli güýçleriň raketalar bilen garşylyk görkezmeginden soň Ysraýyla degişli harby uçarlar Baas şäheriniň golaýyndaky ýerleri we Kuneýtra welaýatynyň demirgazygyndaky Tel Ahmary bombalady.

Hüjümden soň Ysraýylyň Golan sebitinde duýduryş signallarynyň sesi gelmäge başlady.

Ysraýylyň harby goşunyndan berilen ýazmaça beýannamada Eýranyň Ynkylap Goragçylary goşunynyň İýerusalim güýjüniň Siriýadan Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Golan depelerindäki bazalara 20 raketa atandygy habar berildi.

Atylan raketalaryň Ysraýylyň howa goranyş ulgamy Demir gupba tarapyndan ýok edilendigi, hüjümden hiç hili adam ýitgisiniň çekilmändigi beýan edildi.


Etiketkalar: #Ysraýyl , #Siriýa , #serhet

Degişli Habarlar