Sergeý Şoýgu: “ABŞ terror güýçlerini ulanýar” diýdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu ABŞ-nyň we hyzmatdaşlarynyň Siriaýda we Yrakda terror güýçlerini ulanýandygyny habar berdi

Sergeý Şoýgu: “ABŞ terror güýçlerini ulanýar” diýdi

Şoýgu Hytaýyň paýtagty Pekinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynda eden çykyşynda ABŞ-nyň we ýolbaşçylyk edýän koalisiýanyň Siriaýdaky esasy maksadynyň DAIŞ-e garşy göreş bolmandygyny, sebitdäki harby we ykdysady barlygyny güýçlendirmekdigini belledi.

Sergeý Şoýgu: “ABŞ we hyzmatdaşlary öz maksatlaryna laýyklykda halkara terror güýçlerini ulanýarlar. Mysal hökmünde Yragy we Siriýany görkezip bilerin. ABŞ-nyň ýolbaşçylyk edýän koalisiýa uzak möhletläp terrorçylara garşy üstünlik gazanyp bilmedi, DAIŞ-iň gözegçiligi astyndaky ýerler bolsa barha ulaldy. Maksatlary tapawutlydygy mälim boldy. Olaryň esasy maksady sebitdäki ýagdaýy garşajdyrmak, sebitdäki harby we ykdysady barlygyny güýçlendirmekdi” diýip belledi.


Etiketkalar: Pekin , Russiýa , ABŞ , Sergeý Şoýgu

Degişli Habarlar