Saud Arabystanynda uçarmansyz howa ulagy howsalasy

Saud Arabystanynyň Howpsyzlyk güýçleri uçarmansyz howa ulagyny od açyp ýere gaçyrdy

956540
Saud Arabystanynda uçarmansyz howa ulagy howsalasy

Saud Arabystanynyň Şasynyň köşgüniň ýerleşýän ýeri bolan ýurdyň paýtagty Riýad şäheriniň Kozama etrapçasyndaky gözegçilik nokatlarynyň birinde oýunjak uçarmansyz howa ulagynyň uçýandygy anyklandy.

Howpsyzlyk güýçleri uçarmansyz howa ulagyny od açyp ýere gaçyrdy.

Uçarmansyz howa ulagyna köşgüň golaýynda od açylmagy bolsa, ýurtda harby agdarlyşygyň bolýandygy ýaly teswirlemeleriň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Saud Arabystanynyň Polisiýa gullugynyň metbugat geňeşçisi mesele bilen bagly beren beýanatynda hadysanyň köşge golaýlaşan uçarmansyz howa ulagyna od açylmagy sebäpli bolandygyny habar berdi.

Wakanyň bolan mahaly Şa Selmanyň Diriýadaky öýündedigi malim edildi.



Degişli Habarlar