Eýranda dik uçar ýere gaçdy

Hadysada 2 adam ýogaldy, 2 adam bolsa dereksiz ýitdi

953821
Eýranda dik uçar ýere gaçdy

Eýranyň Pars aýlagyndaky Lawan adasynyň golaýynda bir dik uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy, 2 adam bolsa dereksiz ýitdi.

Eýranyň resmi habarlar agentliginiň berýän habaryna görä Eýranyň nebit kärhanasyna degişli bir dik uçar Lawan adasynyň golaýynda ýere gaçdy.

Habarda dik uçaryň syrkaw bir adamy daşaýan mahaly ýere gaçandygy, içindäki 4 adamdan syrkaw adam bilen lukmanyň ýogalandygy, uçarman bilen kömekçisiniň bolsa dereksiz ýitendigi mälim edildi.



Degişli Habarlar