Yrakda türkmenleriň ulag kerwenine hüjüm guraldy

Yrakda bomba ýüklenen ulagyň Kerkük Türkmen frontynyň deputaty Ammar Kahýanyň ulag kerweniniň geçýän mahaly partlamagy netijesinde 1 adam ýogaldy, 11 adam ýaralandy

Yrakda türkmenleriň ulag kerwenine hüjüm guraldy

Kerkükiň Polisiýa gullugynyň müdüri Ali Kemal beren beýanatynda: “Kerkükiň Hadra etrapçasynda ýoluň gyrasynda goýulan bomba ýüklenen ulag Kerkük Türkmen frontynyň deputaty Ammar Kahýanyň ulag kerweniniň geçýän mahaly uzakdan pult bilen partladyldy” diýip habar berdi.

Ammar Kahýanyň hüjümde ýaralanmadan halas bolandygyny aýdan Ali Kemal hüjümde asuda ilatdan 1 adamyň ýogalandygyny, aralarynda türkmen deputaty Kahýanyň 2 goragçysy bilen birlikde 11 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Bombaly ulagyň ýoluň gyrasyna kim ýa-da kimler tarapyndan goýulandygyny entek anyklamandyklaryny aýdan Ali Kemal partlamanyň täsiri bilen golaýdaky ýene-de 3 ulagyň ýanandygyny habar berdi.


Etiketkalar: ulag kerweni , türkmen , Kerkük

Degişli Habarlar