NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg Ankarada türk ýolbaşçylar bilen duşuşyk geçirýär

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Nurettin Janikli tarapyndan harby dabara bilen garşylandy

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg Ankarada türk ýolbaşçylar bilen duşuşyk geçirýär

Iki ýolbaşçy dabaradan soň toparara gepleşikler geçirdiler.

Nurettin Janikli duşuşykdan ozal NATO-nyň Baş sekretaryna: “Terrora garşy göreşde bildirýän düşünjeliligiňiz we goldawyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris” diýdi.

Harby dabarada “Salam esger” diýip salam beren Ýens Stoltenberg hatyra depderine gol çekdi.

Dabaradan soň ministr Janikli we Stoltenberg ikiçäk we toparara gepleşikler geçirdiler.

Ýens Stoltenberg soň bolsa Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşigiň barşynda terrora garşy göreş, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasyPKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy, Türkiýe-NATO gatnaşyklary, 2018-nji ýylda Brýusselde geçiriljek ýokary derejeli maslahat we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäginde ABŞ-nyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň Siriýada Asada bagly güýçlerine garşy operasiýasy hem ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ýens Stoltenberg Türkiýäniň Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan hem kabul ediler.



Degişli Habarlar