Russiýa Siriýa garşy başladylan howa hüjümine berk garşylyk görkezdi

"Tramp dünýäde diňe bir jenaýatçy däl eýsem ikinji Gitler"

951147
Russiýa Siriýa garşy başladylan howa hüjümine berk garşylyk görkezdi

 

Russiýa ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň Siriýa garşy başladan howa hüjümine berk garşylyk görkezdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa mesele hakynda beren beýanatynda “İlki Siriýanyň halky üçin Arap bahary ulanyldy, soň DAIŞ, indi bolsa ABŞ-nyň akylly raketalary. Uzak ýyllardan bäri terrorçylaryň hüjümlerine garşy göreşýän özbaşdak döwletiň paýtagtyna zarba uruldy” diýdi.

Zaharawa  Siriýanyň asuda geljege tarap barýan günlerinde hüjüme sezewar bolandygyny belledi.

Rus parlamendiniň aşakky ganady Dumanyň Goranyş komitetiniň başlygy Aleksandr Şerin bolsa “ABŞ Siriýa hüjüm guramak bilen ähli halkara kadalary basgylaýar we Russiýa muny hüjüm edijilik hökmünde görýär” diýdi.

Şerin “ABŞ-nyň Prezidenti Tramp dünýäde diňe bir jenaýatçy däl eýsem ikinji Gitler. Bu özbaşdak döwlete garşy urşuň yglan edilmegidir” diýdi.

Russiýanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Anatoliý Antonow bolsa Siriýa guralan hüjüme gaýtawul beriljekdigini aýtdy.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Goranmak ministrligi ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň Siriýanyň hökümetine garşy guran howa hüjüminde atan raketalarynyň hiç biriniň Tartusdaky we Hmeýmindäki harby bazalaryny nyşana almandygyny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda Britaniýanyň we Fransiýanyň howa güýçleri bilen ABŞ-nyň harby gämilerinden guralan hüjümlerde Siriýadaky harby merkezleriň we infrstrukturanyň nyşana alynandygy nygtaldy.

Beýanatda atylan raketalaryň esasy böleginiň howada täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar