Russiýa Trampa jogap berdi

Russiýa Donald Trampa: "Döwrebap raketalar Siriýanyň hökümetini däl, terrorçylary nyşana almaly" diýdi

949313
Russiýa Trampa jogap berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Russiýa döwrebap raketalar bilen bagly duýduryş bermegine jogap beren Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa döwrebap raketalaryň Siriýanyň hökümetini däl, terrorçylary nyşana almalydygyny belledi. 

Sosial media hasabyndan beýanat beren Zaharowa: "Döwrebap raketalar, eýýäm birnäçe ýyl bäri öz topraklarynda terrorçylara garşy söweşýän hökümete däl, terrorçylaryň ýerleşýän tarapyna dogry uçmaly" diýip ýazdy. 

Zaharowa ABŞ-nyň döwrebap raketalar bilen Siriýada atylaandygy öňe sürülen himiki ýaragyň delillerini hem ýok edip biljekdigini belledi. 

 



Degişli Habarlar