Russiýa Siriýadaky  harby pozisiýasyny üýtgedýär

Russiýada Gündogar Gutadaky himiki ýarag hüjüminden soň Siriýadaky  harby pozisiýasyny üýtgedýär

Russiýa Siriýadaky  harby pozisiýasyny üýtgedýär

 

Russiýa şenbe güni Siriýada Gündogar Gutanyň Duma etrabyna guralan himiki ýarag hüjüminden soň ABŞ tarapyndan guralyp bilinjek raketa hüjümi bilen birlikde ähli hüjümlere garşy Siriýadaky harby pozisiýasyny üýtgedýär.

Siriýadaky rus raketa goranyş S-400 goranyş ulgamy işjeň ýagdaýa getirildi, rus MYG-31 uçarlary hem 24 sagadyň dowamynda gözegçilik uçuşlaryny amala aşyrýar.

Amerikan raketalaryň menzilinde Siriýanyň hökümetiniň 20 esasy harby merkeziniň bardygyna üns çekilýär.

Şol merkezleriň käbirde rus esgerleriniň iş alyp barýandygy öňe sürülýär.

ABŞ-nyň rus esgerleriniň iş alyp barmaýan harby merkezlerini nyşana alyp biljekdigi nygtalýar.

Russiýanyň Siriýadaky ähli harby merkezlerinde adatdan daşary ýagdaýa geçildi we  Russiýanyň ABŞ tarapyndan haýsydyr bir hüjüm guralan halatynda Amerikan harby gämilerine we uçarlaryna gaýtawul berjekdigi öňe sürülýär.

 

 

 


Etiketkalar: uçar , harby gämi , pozisiýa , Russiýa

Degişli Habarlar