“Günbataryň ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda alyp barýan syýasaty dünýäniň deňagramlylygyny bozýar”

Lawrow Moskwada geçirlen 7-nji halkara howpsyzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda Günbatarly ýurtlary tankyt etdi

945027
“Günbataryň ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda alyp barýan syýasaty dünýäniň deňagramlylygyny bozýar”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Günbataryň ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda alyp barýan bir taraply syýasatynyň howpsyzlyk taýdan dünýäniň deňagramlylygyny bozýandygyny aýtdy.

Lawrow Moskwada geçirlen 7-nji halkara howpsyzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda Günbatarly ýurtlary tankyt etdi.

Günbataryň Russiýanyň şeýtanlaşdyrylmagy üçin gelşiksiz syýasat alyp barýandygyny aýdan Lawrow “Skripal wakasy rus diplomatlaryny ýurtdan çykarmak üçin diňe ABŞ-nyň we Britaniýanyň däl eýsem olara tabyn bolan beýleki ýurtlaryň oýlap tapan bahanasy” diýdi.

Lawrow şol syýasatlara sagdyn pikirlilik bilen garşylyk görkezmäge dowam etjekdiklerini we hakykatyň ýüze çykarylmagy üçin tagalla etjekdiklerini belledi.

Lawrow “Biziň tagallalarymyza garamazdan dünýädäki ýagdaý has-da çylşyrymlaşýar. Esasy mesele bolsa Günbataryň ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmeginde bir taraply ýagdaýda alyp barýan abaý syýasaty howpsyzlyk taýdan dünýäniň deňagramlylygyny bozýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar