Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Hogýani guralan hüjümiň jogapkäriniň terror guramasy Talibandygyny öňe sürdi

Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň Nangarhar welaýatynyň Hywa etrabynda bir esgeriň jynazasynda guralan ýaragly hüjümde 2 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.

Nangarharyň welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Ataullah Hogýani ýaragly hüjümçileriň etrabyň Badýali obasynda bir esgeriň jynazasynda adamlara od açandygyny habar berdi.

Hüjümde Hywa etrabynyň Içeri işler müdüri Samnwal Mutiullah bilen asuda ilatdan bir adamyň ýogalandygyny aýdan Hogýani asuda ilatdan 4 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Hogýani hüjümiň jogapkäriniň terror guramasy Talibandygyny öňe sürdi.


Etiketkalar: Nangarhar , hüjüm , Owganystan

Degişli Habarlar