ABŞ Adanadaky Injirlik bazasy bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi SENTKOM ABŞ-nyň Adana welaýatyndaky Injirlik we Katardaky El Udeýd howa bazalaryndan çykjakdygy baradaky habarlaryň nädogrydygyny mälim etdi

937500
ABŞ Adanadaky Injirlik bazasy bilen bagly beýanat berdi

SENTKOM-yň resmi Twitter hasabyndan berilen beýanatda: “ABŞ Türkiýedäki Injirlik we Katardaky El Udeýd howa bazalaryndan aýrylmaýar. Şonuň bilen baglanşykly habarlar ýalňyş we nädogrydyr” diýip belledi.

ABŞ-nyň Merkezi howa güýçleri serkerdeligi AFSENT hem özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda: “ABŞ-nyň Türkiýedäki we Katardaky Injirlik we El Udeýd howa bazalaryndan çykýandygy barada öňe sürülen habarlar hakykaty beýan etmeýär” diýip mälim etdi.

Beýanatda: “Umumy howpsyzlyk aladalaryna garşy göreşmek üçin bilelikde işleşmegimiziň hökmany bolan bir wagty bular ýaly zyýanly habarlar sebitdäki hyzmatdaşlaryň arasynda aýralygy we ynamsyzlygy artdyrýar” diýdi.

Eýýäm birnäçe hepde bäri ABŞ-nyň Injirlik bazasyndaky güýçlerini çykarandygy öňe sürülýärdi.

Mundan başgada ABŞ-nyň Katarda ýerleşýän El Udeýd howa bazasyndaky güýçlerini azaldandygy baradaky habarlardan soň, ABŞ-nyň ady agzalan 2 bazadan aýryljakdygy öňe sürülipdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon bolsa ABŞ-nyň DAIŞ-e garşy operasiýalaryň azalmagy we Owganystandaky Talibana garşy operasiýalaryň artmagy sebäpli käbir güýçleriň Owganystana iberilendigini habar beripdi.

Pentagon ABŞ-nyň Injirlikden aýryljakdygy bilen bagly habarlary çürt-kesik inkär edipdi.



Degişli Habarlar