Tramp bilen Erdogan ýokary özara gatnaşyklara ünsi çekdi

Ak Tam Prezident ErdoganyňABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşligi barada beýanat berdi

935752
Tramp bilen Erdogan ýokary özara gatnaşyklara ünsi çekdi

Ak Tam Prezident R. T. Erdoganyň düýn agşam ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşligi barada beýanat berdi.

Ak Tamyň beýanatynda iki lideriň telefon söhbetdeşliginde ýokary özara gatnaşyklara ünsi çekendigi nygtaldy.

Beýanatda gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirýän ugurlaryň hem seljerlendigi bellenildi we Tramp bilen Erdoganyň strategik gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi babatynda ylalaşyk gazanandygy ýatladyldy.

Beýanatda iki lideriň özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler babatynda hem pikir alyşandygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar