Tramp we Makron Britaniýanyň arkasyny tutdy...

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

935186
Tramp we Makron Britaniýanyň arkasyny tutdy...

Ak tamdan berilen beýanatda telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn we sebitleýin gatnaşyklary gyzyklandyrýan meseleleriň ele alynandygyny habar berdi.

Beýanatda: “Iki lider Russiýanyň Britaniýanyň territoriýasynda asuda ilaty nyşana alan himiki ýarag ulanmagyndan soň, Brtitaniýa bilen jebislik içindediklerini bellediler, mundan başgada Russiýanyň jogapkärçilik çekmegi üçin gerek bolan ädimleri etmek üçin ylalaşandyklary” nygtaldy.

Beýanatda mundan başgada ABŞ bilen Ýewropa ýurtlarynyň gümrük salgydy babatynda nädip jemlenişjekdikleri bilen bagly meseläni ara alyp maslahatlaşandyklary beýan edildi.

Britaniýada ýaşaýan ozalky rus içaly Sergeý Skripal bilen gyzy Ýuliýa 4-nji martda Solsberi şäherindäki banklaryň birinde huşuny ýitiren ýagdaýda tapylypdylar.



Degişli Habarlar