2050-nji ýylda 5 milliard adam suwsuz galyp biler

BMG 2018-njy ýyl üçin Suw habarnamasyny çap etdi

932884
2050-nji ýylda 5 milliard adam suwsuz galyp biler

Habarnama görä soňky bir asyrda suwuň sarp edilşi ýokary depginde artdy.

Şeýle dowam eden halatynda 2025-nji ýyla çenli oba hojalygynda we energetika pudagynda sarp edilýän suwuň mukdary 70 göterime çenli ýokarlar.

Dünýä boýunça suwuň 70 göterimi ekerançylykda sarp edilýär.

Ekerançylyk meýdanlarynyň suwarylmagy ýer asty suw çeşmeleri üçin hem howp emele getirýär.

1990-njy ýyllardan soň derýalaryň hapalanma derjesi ýokarlady.

Guraklyk bolsa esasanda Aziýada, Afrikada we Latyn Amerikada eýýän birnäçe sebite agyr zeper ýetirdi. 1,8 milliard adam gurak sebitlerde ýaşaýar.

Gurak ýa-da ýygy-ýygydan sil gelýän ýerlerde ýaşaýanlaryň mukdary dünýäniň ilatynyň 1/3 bölegini emele getirýär.

2050-nji ýylda 1,5 milliarddan gowrak adam sil apatyna duçar bolar.

Siller suw çeşmeleriniň goralmagynyň öňündäki esasy bökdençliklerden biri.

BMG çözgüt hökmünde suwarymly ýerleriň aýawly saklanmagyny, topragyň hapalanman işlenmegini we şäherlerdäki bag-bakjaly ýerleriň giňeldilmegini teklip edýär.


Etiketkalar: #habarnama , #BMG , #suw

Degişli Habarlar