Trampyň körekeniniň firmasy Nýu-Ýorkyň häkimligini aldadypdyr

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň körekeni Žared Kuşneriň firmasynyň Nýu-Ýorkyň şäher häkimligini aldadandygy anyklandy

Trampyň körekeniniň firmasy Nýu-Ýorkyň häkimligini aldadypdyr

“Assoşeýted Pressiň” habar bermegine görä Kuşneriň emläk firmasy “Kuşner Kos” 2015-nji ýylda Kuins etrapçasynda 3 bina satyn alypdyr.

Şol birnalarda kireýine ýaşaýanlaryň esasy bölegi binanyň eýesiniň kireýine ýaşaýanlary kowmagynyň we kireýleriň ýokarlandyrylmagynyň öňüni alýan ýörite düzgünler bilen goralýardy.

Emma firma 2 ýyl soň 3 binany hem 60 million dollara, ýagny alan bahasyndan 50 göterim ýokary nyrhdan satmagyň hötdesinden geldi.

“Kuşner Kosyň” şol satuw boýunça şäher dolanşygyna beren resminalarda binalarda kanun tarapyndan goralýan haýsydyr bir ýaşaýjynyň bolmandygyny beýan edendigi anyklandy.

ABŞ-da kireýine ýaşaýanlaryň hukuklaryny goramagy nazarda tutýan başlangyjyň esaslandyryjy Aaron Karr, firmanyň binalarda işlemek baradaky ýüz tutmalary ýygnap “Assoşeýted Presse” ýetirdi.

Firma alan 3 binasy üçin 2015-nji ýylda taýarlan gurluşyk rugsaty üçin eden ýüztutmasynda binalarda kanun bilen hemeýat edilýän ýaşaýjynyň bolmandygyny bellik etdi. Emma birnäçe aý soň beren beýannamasynda firmanyň binalaryň ozalky eýesinden 94 kanun bilen hemaýat edilýän ýaşaýjyny hem kabul edip alandygy nygtaldy.

Salgyt borçnamalary bolsa şol binalarda 300-den gowrak şeýle ýaşaýjynyň bardygyny görkezýär.

Karr; “Firmanyň şol ýüztutmalarda ýalňyş maglumatlary ýazmagy maliýe borçlardan gaçmaga we maýa goýumyndan gyssagly netije almaga bolan ymtylmany görkezýär” diýdi.


Etiketkalar: firma , salgyt , köreken , Nýu-Ýork , ABŞ

Degişli Habarlar