Katar bilen Pakistan harby deňiz türgenleşigini geçirdi

Türgenleşik üç gün dowam etdi

Katar bilen Pakistan harby deňiz türgenleşigini geçirdi

Kataryň Goranmak ministrliginiň Ruhy gönükdiriş müdirliginden berilen beýannama görä “Deňiz Arslany-1” atlandyrylan we tebigy gaz hem-de nebit giňişlikleriniň goralmagy, garakçylyga we kontrabanda garşy göreş tälimlerini öz içine alan türgenleşik üç gün dowam etdi.

Kataryň Goranmak ministrligi ozal beren beýannamasynda Kataryň Deňiz güýçleriniň İtaliýanyň we Hindistanyň deňiz güýçleri bilen türgenleşik geçirendigini mälim edipdi.

Kataryň dünýäde esasy suwklandyrylan tebigy gaz öndüriji ýurt hasaplanylýar we şol önümçilik ýylda 77 million tonna çenli baryp ýetýär.

Katar iýul aýynda 2024-nji ýyla çenli önümçiligini 30 göterim artdyrmagy nazarda tutýandygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar