Rus halky prezidentini saýlamak üçin ses berýär

Putiniň saýlawda üstünlik gazanmagyna we häkimiýetiň başyndaky 4-nji döwrüni 2024-nji ýyla çenli dowam etdirmegine garaşylýar

Rus halky prezidentini saýlamak üçin ses berýär

 

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň 7-nji gezek geçirilýän prezident saýlawynda Russiýanyň häzirki Prezidenti Wladimir Putiniň üstünlik gazanmagyna garaşylýar.

Putiniň saýlawda üstünlik gazanmagyna we häkimiýetiň başyndaky 4-nji döwrüni 2024-nji ýyla çenli dowam etdirmegine garaşylýar.

Putin prezident saýlawynda ýeke-täk garaşsyz dalaşgär hökmünde bäsleşýär.

Putin bilen birlikde Russiýanyň Liberal demokrat partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowski, Komunist partiýasynyň dalalşgäri Pawel Grudinin, Ýabloko partiýasynyň lideri Grigoriý Ýawlinskiý, Ösüş partiýasynyň lideri Boris Titow, Russiýa halk geňeşi partiýasynyň lideri Sergeý Baburin, Russiýa komunistleri partiýasynyň lideri Maksim Suraikin we Jemgyýetçilik insatiwasy partiýasynyň dalaşgäri Kseniýa Sobçak bäsleşer.

Russiýada geçirlen soňky sowalnamalara görä Putiniň saýlawda 65-70 ses almagyna garaşylýar.

Pawel Grudiniň 7, Žirinowskiniň 5,5, Ýawlinskiniň we Sobçagyň 1 göterim ses almagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar