Hytaýda Li Kyçiang ikinji gezek ýurdyň Premýer ministri wezipesine saýlandy

Si Szinpin Li Kyçiangyň Premýer ministr wezipesine saýlanmagy bilen baglanşykly Döwlet başlygy kararnamasyna gol çekdi

932068
Hytaýda Li Kyçiang ikinji gezek ýurdyň Premýer ministri wezipesine saýlandy

Paýtagt Pekindäki Beýik Halk zalynda geçirilen Hytaý Milli Halk kongresiniň maslahatynda Premýer ministri Li Kyçiang ýurdyň Döwlet başlygy Si Szinpin tarapyndan ýaňadandan Premýer ministr wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlendi.

Li Kyçiang ýurdyň iň ýokary kanun çykaryjy organy bolan Hytaý Milli Halk kongresinde geçirilen we 2966 wekiliň gatnaşan ses berilşik işlerinde 2964 wekiliň sesini alyp ýaňadandan Premýer ministr wezipesine saýlandy.

Si Szinpin Li Kyçiangyň Premýer ministr wezipesine saýlanmagy bilen baglanşykly Döwlet başlygy kararnamasyna gol çekdi.

Premýer ministr saýlawlaryndan soň Parlamentde Hytaýyň Merkezi harby komissiýasynyň orunbasarlarynyň we agzalarynyň, şeýle hem Hytaýyň Ýokary Halk kazyýetiniň başlygynyň saýlawlary geçirildi.

Şü Çiliang we Jang Ýouşia Hytaýyň Merkezi harby komissiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine, Weý Fynghy, Li Zuoçyng, Miao Hua we Jang Şyng Min bolsa agzalygyna saýlandy.

Ýokary Halk Kazyýetiň başlygy wezipesine bolsa ýaňadandan Jou Çiang saýlandy.



Degişli Habarlar