Hytaý ABŞ-a nota berdi

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan gol çekilen Taýwan karary sebäpli resmi Waşingtona nota berdi

Hytaý ABŞ-a nota berdi

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Lu Kang beren ýazmaça beýanatynda Trampyň Taýwana guramak isleýän saparyna garşydyklaryny belläp, bu karar sebäpli Waşingtona nota berendiklerini habar berdi.

Ady agzalan kararyň hiç bir kanuny borçnamasynyň bolmazlygy bilen birlikde, Bir Hytaý ýörelgesiniň kada-düzgünlerini bozýandygyny aýdan metbugat geňeşçisi kararyň Taýwandaky garaşsyzlygyň tarapdary bolan toparlara ýalňyş yşarat iberýändigini belledi.

Metbugat geňeşçis Li: “Hytaý ABŞ-ny ýalňyşyny düzeltmäge, Taýwan bilen gatnaşyklaryny we saparlaryny artdyrmagyny duruzmagyna çagyrýar. Waşington hökümeti Taýwan meselesine ünsli çemelşemeli we dogry ýagdaýda ele almaly. ABŞ iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary bilen Taýwan aýlagy sebitindäki parahatçylyga we durnuklylyga zeper ýetirmekden saklanmaly” diýip nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp anna güni ýurdy bilen Taýwanyň arasyndaky ikitaraplaýyn saparlaryň guralmagyny we taýwanly resmileriň ABŞ-a sapar guran mahaly resmi ýagdaýda garşylanmagyny öz düzüminde jemleýän karara gol çekipdi.

Hytaýda 1949-njy ýylda Mao Szedunyň hökümediň başyna geçmeginden soň hökümediň käbir agzalary Taýwana gaçyp, adada garaşsylyk yglan edipdiler we milletçi Hytaý hökmünde atlandyrylýan Taýwany esaslandyrypdylar.

Resmi Pekin bolsa Bir Hytaý ýörelgesini kabul edip, Hytaýy halkara arenada diňe özleriniň wekilçilik edýändigini we Taýwanyň Garaşsyzlyk yglan eden halatynda harby güýç bilen basyp aljakdygyny belleýär.


Etiketkalar: Donald Tramp , karar , sapar , Taýwan , ABŞ , Hytaý

Degişli Habarlar