Filippinlerdäki myhmanhana ýangynynda azyndan 4 adam ýogaldy

Filippinleriň paýtagty Maniladaky myhmanhanalaryň birinde ýüze çykan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy

Filippinlerdäki myhmanhana ýangynynda azyndan 4 adam ýogaldy

Agentlikleriň biriniň beren beýanatynda kazinosy hem bolan myhmanhanada şu gün irden ýüze çykan ýangynda azyndan 4 işgäriň ýogalandygy, 2 işgäriň bolsa myhmanhananyň içinde galandygy habar berildi.

Myhmanhanadaky 300-den gowrak myhmanyň bolsa howpsyz ýagdaýda daşaryk çykarylandygy mälim edildi.

Manila Apata garşy reagirleýiş agentliginiň başlygy Jonny Ýu ýangyn söndüriji toparlaryň kazinodamy ýogsan myhmanhananyň özündemi ýüze çykandygy entek anyklanmadyk ýangyny tiz wagtda söndürmäge başlandyklaryny, myhmanhanadaky adamlary halas etmek işleriniň bolsa örän çalt ýerine ýetirilendigi üçin ýogalan adamlaryň sanynyň artmagynyň öňüniň alynandygyny beýan etdi.

Ýu ýangynyň tüssesi sebäpli özüni erbet duýan 6 işgäriň bolsa hassahanada bejergi alýandygyny habar berdi.

Howpsyzlyk kameralarynyň işleýşinden jogapkär 2 işgäriň bolsa entegem myhmanhananyň içindedigini nygtady.



Degişli Habarlar