Ýaponiýanyň Premýer ministri Demirgazyk Koreýa çagyryş berdi

Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe Demirgazyk Koreýa ýadro ýaragsyzlanma babatynda konkret ädimler etmek barada çagyryş berdi

Ýaponiýanyň Premýer ministri Demirgazyk Koreýa çagyryş berdi

Kýodo agentliginiň berýän habaryna görä Premýer ministr Abe paýtagt Tokioda Günorta Koreýanyň Milli Razwedka gullugynyň başlygy Suh Hoon bilen geçirmegi meýilleşdiren duşuşygyndan ozal beren beýanatynda ýadro ýaragsyzlanma esaslanýan dialoga oňaýly garaýandyklaryny habar berdi.

Şinzo Abe: “Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragsyzlanma babatynda konkret ädimler etmeginiň örän möhümdigini pikir edýärin” diýdi.

Suh Şinzo Abe bilen Premýer ministrlik binasynda geçiren duşuşygyndan soň beren beýanatynda Abeniň Koreýa ýarym adasynyň ýadro ýaraglardan saplanmagy babatynda Demirgazyk Koreýa we Günorta Koreýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özgerdilmegi taýdan Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun Džeiniň liderligine hormat goýýandygyny aýdandygyny belledi.

Suh Şinzo Abeniň Demirgazyk Koreýa-Günorta Koreýanyň we ABŞ-Demirgazyk Koreýanyň arasynda geçiriljek gepleşikleriň üstünlikli geçmegi üçin hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny aýdandygyny habar berdi.   

Ýaponiýanyň Premýer ministri Abeniň öňümizdäki aý ABŞ-e sapar guramagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar