Eýran Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Behram Kasymi Siriýa meselesi bilen baglanşykly Türkiýe bilen dowamly häsýetde aragatnaşykdadyklaryny we umumy tagalla edýändiklerini habar berdi

918448
Eýran Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä Kasymi geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň şu ýylyň maý aýynda Türkiýede duşuşjakdyklaryny we Astana etabynyň çäginde maslahat geçirjekdiklerini mälim etdi.

Behram Kasymi üç ýurdyň arasynda geçirilen gepleşikleriň jedelleşikli meseleleriň çözgüdine, Siriýada asudalygyň üpjün edilmegine we bu ýurtlardaky terrora garşy göreşe möhüm goşantlar goşandygyny belledi.

Siriýa meselesinde Türkiýe bilen dowamly häsýetde aragatnaşykdadyklaryny aýdan Kasymi: “Türkiýe bilen käbir meselelerde tapawutly garaýyşlara eýediris, emma käbir meselelerde şol bir garaýyşa eýediris. Esasy zat bilelikde tagalla edýäris” diýdi.

Siriýanyň paýtagty Damaskda çaknyşyklaryň we artilleriýa hüjümleriniň dowam edýändigine şaýat bolandyklaryny aýdan Kasymi hüjümleriň bes edilmegini we hüjümleriň azalmagyny tama edýändiklerini nygtady.

Gündogar Gutadaky adamzat dramasy bilen baglanşykly hem beýanat beren Behram Kasymi Siriýada ençeme aktýoryň bardygyny, emma durnuksyzlygyň we söweşiň hiç bir tarapyň peýdasyna bolmajakdygyny belläp: “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde kabul edilen kararyň Siriýanyň ähli sebitlerini öz içine aljakdygyny umyt edýäris. Ýagdaýyň syýasy ýollar bilen çözüljekdigine ynanýarys” diýdi.



Degişli Habarlar