Owgantystanda dört aýry hüjüm guraldy

Ýurtda 4 aýry ýerde guralan hüjümlerde 18-i esger bolan jemi 23 adam ýogaldy

917273
Owgantystanda dört aýry hüjüm guraldy

Hüjümleriň jogapkärçiliklerini terror guramalary DAIŞ we Taliban öz üstlerine aldylar.

Terror guramasy Taliban Farah welaýatynyň günbataryndaky harby bölüme hüjüm gurady.

Hüjümde 18 esger ýogaldy, 2 esger ýaralandy.

Ýüze çykan çaknyşykda Talibana agza 2 terrorçy öldürildi.

 

Ýurdyň paýtagty Kabulda hem kamikaze hüjümi guraldy.

Kamikaze hüjümçisi üstündäki bombany Kabulyň 9-nji etrapçasyndaky polisiýa merkeziniň golaýynda partlatdy.  

2 adamyň ýogalmagy, 7 adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.

Ýaralanan käbir adamlaryň ýagdaýlary agyr.

 

Ýurdyň Helmand welaýatynda hem harby bölümleriň nyşana alynyp 2 aýry kamikaze hüjümi guraldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy. Hüjümlerde howsyzlyk güýjünden 3 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Owganystanda Talibana we beýleki terrorçylykly toparlara garşy operasiýalaryň artdyryljakdygy baradaky kararyndan soň, ýurtdaky hüjümler artdy.



Degişli Habarlar