Hytaýyň Bahar baýramynda 51 adam ýogaldy

Hytaýda täze ýyl hökmünde bilinýän Bahar baýramy "Çunjie" dabaralarynda jemi 51 adam ýogaldy, 9 adam ýaralandy

Hytaýyň Bahar baýramynda 51 adam ýogaldy

Ýurdyň Döwlet howpsyzlygy minsitrliginiň berýän beýanatynda dynç alyş günleri hökmünde yglan edilen 15-21-nji fewral aralygynda feýerwerklerleriň we petardalaryň netijesinde jemi 12 müň ýerde ýangynyň ýüze çykandygy we jemi maddy zyýanyň takmynan 9 million dollara bolandygy habar berildi.

Hytaý 16-njy fewralda 12 haýwanly aý senenamasyna görä It ýylyna giripdi.

Täze ýylda hytaýlylar feýerwerklerleriň we petardalaryň saýasynda erbet ruhlary kowýandyklaryny öňe sürýärler.

Howanyň hapalanmagy, ýangyn we howpsyzlyk sebäpli Hytaýyň 400-den gowrak şäherinde feýerwerkler gadagan edildi.

Emma obalyk ýerlerde bu däp entegem dowam edýär.  



Degişli Habarlar