Russiýada Maslenisa baýramy bellenilip geçildi

Russiýada bahar aýynyň buşlukçysy manysyny aňladýan Maslenisa baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

Russiýada Maslenisa baýramy bellenilip geçildi

Ýurdyň paýtagty Moskwadaky Kolomenskoýe seýilgähindäki dabarada Maslenisa ody ýakyldy, tans edildi, aýdym aýdyldy.

Maslenisa hepdeliginiň çäginde gelen myhmanlara mugt blinler hödür-kerem edildi, ýaryşlar boldy.

Maslenisa baýramy Ortodoks dünýäsiniň uly agyz bekleme diýip atlandyrylýan çäreden bir hepde öň bellenilip geçilýär.

7 gün dowam edýän baýramda biri-birinden tapawutly çäreler we dabaralar geçirilýär.



Degişli Habarlar