Eýranda ýolagçy uçar ýere gaçdy

Eýranda paýtagt Tährandan uçan ýolagçy uçar ýurdyň Yspyhan welaýatynda ýere gaçdy

Eýranda ýolagçy uçar ýere gaçdy

Eýranly talyplaryň habarlar agentligi ISNA-nyň berýän habaryna görä Tährandan Ýasuj şäherine tarap barýan ýolagçy uçar Yspyhan welaýatynyň Semirom etrabynda ýere gaçdy.

Uçarda azyndan 65 ýolagçynyň bolandygy beýan edildi.

Uçaryň daglyk bir ýere gaçandygy we gözleg we halas ediş işleriniň başladylandygy mälim edildi.


Etiketkalar: Yspyhan , Tähran , Eýran , uçar , ýolagçy

Degişli Habarlar