Eýranda gaçan uçaryň ähli ýolagçylary ýogaldy

Ýere gaçan uçaryň Aseman Airilines kärhanasyan degişli ART 72-500 kysymly ýolagçy uçardygy habar berildi

Eýranda gaçan uçaryň ähli ýolagçylary ýogaldy

Eýranyň paýtagty Tährandan uçup, ýurdyň Ýasuj şäherine barýan ýolagçy uçar ýere gaçdy. Uçardaky 66 ýolagçynyň ählisi ýogaldy.

Aseman Airlines howa ýollary kärhanasyna degişli uçar ýurdyň Yspyhan şäheriniň golaýynda ýere gaçdy.

Aseman Airlines kärhanasynyň metbugat geňeşçisiniň Eýranyň döwlet telewideniýesine beren beýanatynda uçardaky 66 ýolagçynyň ählisiniň ýogalandygyny habar berdi.

Eýranyň ISNA habarlar agentligi paýtagt Tährandan ýola çykan uçaryň uçanyndan 20 minut soň Yspyhanyň golaýyndaky Padena dagyna gaçandygyny mälim etdi.

Ýaramaz howa şertleri sebäpli sebite barmagyň kyndygy beýan edildi.

Eýranly resmiler sebite halas ediji toparlary gönükdirdiler.

Eýranyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti tarapyndan berilen beýanatda gözleg we halas ediji toparlaryň sebite barýandygy mälim edildi.    

Ýere gaçan uçaryň Aseman Airilines kärhanasyan degişli ART 72-500 kysymly ýolagçy uçardygy habar berildi.



Degişli Habarlar