Donald Tramp Federal Derňew Býurosyny tankyt etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurdyň Florida ştatynda liseýleriň birine guralan ýaragly hüjümde 17 adamyň ýogalmagy bilen baglanşykly razwedka maglumatlaryny ünslerinden sypdyrandyklary sebäpli Federal Derňew Býurosyny tankyt etdi

Donald Tramp Federal Derňew Býurosyny tankyt etdi

Tramp Twitter hasabyndan beren beýanatynda Federal Derňew Býurosynyň Floridada liseýe hüjüm guran hüjümçi bilen baglanşykly delilleri ünslerinden sypdyrandygyny belläp, guramanyň Russiýanyň 2016-njy ýyldaky Prezident saýlawlarynyň netijelerine täsiri bilen baglanşykly geçirilýän derňewe köp wagt aýyrýandygyny nygtady.

Donald Tramp: “Federal Derňew Býurosynyň Floridada liseýe hüjüm guran hüjümçi bilen baglanşykly deliller ünslerinden sypdyrandygy örän gynandyryjy. Bu kabul edilip bilinjek bir ýagdaý däl. Russiýanyň Tramp kampaniýasy bilen gizlin ylalaşandygyny subut etmek üçin köp wagt sarp edýärler, emma ortada hiç hili gizlin ylalaşyk ýok. Esasy işiňize gaýdyp baryň we ählimizi buýsandyryň” diýdi.  



Degişli Habarlar