Eýranyň paýtagty Tähranda H5N1 guş dümewi wirusyna gabat gelindi

Eýranda soňky döwürde guş dümewi wirusynyň barha ýaýbaňlanýandygy nygtalýar

911897
Eýranyň paýtagty Tähranda H5N1 guş dümewi wirusyna gabat gelindi

 

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Saglygy goraýyş ministrliginiň Ýokanç keseller merkeziniň başlygy Muhammed Mehdi Guýa Tähranyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Çitger kölüniň golaýynda öli ýagdaýda tapylan käbir ýabany guşlarda ýokary mukdarda H5N1 guş dümewi wirusyna gabat gelinendigini aýtdy.

Wirusyň ynsanlara ýakaşmak howpunyň ýokdugyna ünsi çeken Guýa, emma muňa garamazdan wirusyň howply bolup biljekdigini nygtady.

Eýranda soňky döwürde guş dümewi wirusynyň barha ýaýbaňlanýandygy nygtalýar.

Gilan welaýatynda sişenbe güni H5N1 wirusy sebäpli 260 müň ganatly haýwanyň öldürlendigi habar berlipdi.

Tähranyň Towukçylar we Ýumurtgaçylar bileleşiginiň başlygy Nasyr Nebipur hem duşenbe güni ýurtda ýüze çykan guş dümewi sebäpli 25 milliona golaý ganatly haýwanyň öldürlendigini mälim edipdi.

 


Etiketkalar: #Eýran , #guş dümewi , #wirus

Degişli Habarlar