Tramp uçar heläkçiligi zerarly Putine gynanç bildirdi

Kreml tarapyndan berlen beýanatda Tramp bilen Putiniň telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Ýakyn Gündogardaky soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy

Tramp uçar heläkçiligi zerarly Putine gynanç bildirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine telefon edip, ýekşenbe güni Moskwanyň golaýynda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adamyň ýogalmagy zerarly gynanç bildirdi.

Kreml tarapyndan berlen beýanatda Tramp bilen Putiniň telefon söhbetdeşliginde Ýakyn Gündogardaky soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Beýanatda mundan başgada Trampyň ýekşenbe güni Moskwanyň golaýynda bolan we 71 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan uçar heläkçiligi zerarly Putine gynanç bildirendigi ýatladyldy.

 


Etiketkalar: ýekşenbe , Putin , Tramp , ABŞ

Degişli Habarlar