Palestina ABŞ-nyň töwellaçylygyny kabul etmeýär

Russiýada saparda bolan Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas rus lideri Putin bilen paýtagt Moskwada bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi

Palestina ABŞ-nyň töwellaçylygyny kabul etmeýär

Abbas duşuşykdan soň beren beýanatynda Ýakyn Gündogar meselesiniň köp taraply töwellaçylyk arkaly çözülmegine garşy bolmandyklaryny aýtdy.

Abbas Ýakyn Gündogar gepleşiklerinde ABŞ-nyň töwellaçylyk rolyny indi kabul etmeýändiklerini belledi.

Palestinanyň Prezidenti Abbas “ABŞ-nyň özbaşyna töwellaçylyk etmegini däl, tapawutly töwellaçylardan biri bolmagyny isleýäris” diýdi.

Russiýanyň Prezidenti Putin Palestinanyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy

Putin Abbas bilen bolan duşuşygynyň öňüsyrasynda Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we Palestina-Ysraýyl meselesi barada pikir alyşandygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar