ABŞ ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG-e goldawyny dowam etdirýär

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG-e şu ýyl üçin takmynan 500 million dollarlyk goldaw berer

ABŞ ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG-e goldawyny dowam etdirýär

Pentagon tarapyndan taýarlanan Siriýa habarnamasyna görä bu san ABŞ-nyň gurama geçen ýyl bölüp aýyran býujetinden 70 million dollar has köp.

Terror guramasyna beriljek ulaglar, minomýotlar, zenit raketalar we pulemýotlar üçin jemi 433 million dollar bölünip aýryldy.

Habarnamada her biri takmynan 17 müň dollar bolan agyr ýaraglaryň 3500 sanysynyň alynjakdygy bellenip, 3500 dollarlyk PKM atly tüpeňlere bolsa 20 million dollar bölünip aýrylandygy beýan edildi.

Galan takmynan 67 million dollar bolsa terrorçylaryň saglygy goraýyş we aragatnaşyk ugurlary üçin bölünip aýyrlandygy nygtaldy.

Resmi Waşington terror guramasyna diňe ýarag bermeýär, terrorçylaryň sanyny hem artdyrýar.

25 müňdigi aýdylýan terrorçylaryň sanynyň şu ýylyň ahyryna çenli 30 müňe ýetiriljekdigi habarnamada mälim edildi.

Beýleki tarapdan Pentagon 2019-njy ýyl üçin taýarlanan býujet taslamasynda DAIŞ-e garşy göreşiň çäginde ekstremist terror guramasy PÝD/PKK-a tälim ber-üpjün et programasy üçin 300 million dollar, DAIŞ-e garşy missiýa bilen baglanşykly serhet howpsyzlyk zerurlyklary üçin bolsa 250 million dollar bolmak bilen jemi 550 million dollar bölüp aýyrdy.


Etiketkalar: Waşington , ýarag , dollar , Pentagon

Degişli Habarlar