ABŞ-nyň Döwlet sekretary penşenbe güni Türkiýä geler

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşjak Tillersonyň Prezident R. T. Erdogan tarapyndan hem kabul edilmegine garaşylýar

908888
ABŞ-nyň Döwlet sekretary penşenbe güni Türkiýä geler

Hepdäniň ahyrynda ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi  Herbert Raýmond Mak Masteri myhman alan Türkiýe, penşenbe güni bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillersony myhman alar.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşjak Tillersonyň Prezident R. T. Erdogan tarapyndan hem kabul edilmegine garaşylýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ankara gurajak saparynyň gün tertibinde Türk ýaragly güýçleriniň  Siriýanyň Afrin etrabynda geçirýän Zeýtun şahajygy operasiýasy meselesi esasy orun eýeleär.

ABŞ operasiýanyň Munbiji öz içine almagyny islemeýär.

Türkiýe bolsa Munbiji ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG-den saplamak isleýär.

Saparyň çäginde bu meseläniň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar