ABŞ bosgunlary ýurtdan çykarmaga başlady

“Bosgunlar bolmadyk bolsady Trampyň aýaly hem bolmazdy”

898102
ABŞ bosgunlary ýurtdan çykarmaga başlady

 

ABŞ-da bikanun ýollardan ýurda giren bosgunlar ýurtdan çykarylmaga başlandy.

Donald Trampyň ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde işe başlamagy bilen birlikde gün tertibinde esasy rol oýnan we uly jedelleşiklere sebäp bolan bikanun ýollardan ýurda giren bosgunlaryň ýurtdan çykarylmagy işleri Çikago şäherinden 50 kilometr alysda ýerleşýän Gay howa menzilinde kiçi toparyň görkezen garşylygyna garamazdan başlady.

Gizlinlikde geçirlen operasiýanyň çäginde onlarça bosgun World Atlantik howa ýollaryna degişli uçar bilen yzyna ugradyldy.

Berk howpsyzlyk çäreleri astynda aýnalary boýalan iki marşrutka bilen howa menziline alnyp gidilen bosgunlaryň elleriniň we aýaklarynyň zynjyrlanandygy görüldi.

Bosgunlaryň esasy böleginiň zenanlardan ybaratdygy ünsleri özüne çekdi.

Kiçi topar howa menziliniň öňünde bosgunlaryň ýurtdan çykarylmagyna garşylyk görkezdi.

Toparyň protest ýörişinde aýdan “Adalat bolmasa parahatçylyk hem ýok” we “Bosgunlar bolmadyk bolsady Trampyň aýaly hem bolmazdy” diýen şygarlary ünsleri özüne çekdi.

 



Degişli Habarlar