"ABŞ Siriýada goşmaça güýç döretmäge çalyşýar"

Lawrow ABŞ-nyň bu meselede berýän biri-birine gapma-garşy bolan beýanatlaryna alada bildirýändigini aýtdy

"ABŞ Siriýada goşmaça güýç döretmäge çalyşýar"

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Siriýada goşmaça güýç döretmäge çalyşýandygyny aýtdy.

Lawrow BMG-da köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky soraglaryna jogap berdi.

Lawrow ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýada bölegi PÝD/ÝPG-den ybarat terror goşunyny döretmek tagallasy barada durup geçdi.

Lawrow ABŞ-nyň bu meselede berýän biri-birine gapma-garşy bolan beýanatlaryna alada bildirýändigini aýtdy.

Lawrow “ABŞ Siriýanyň demirgazygynda goşmaça güýç döretmäge çalyşýar bu hem Siriýanyň territorial biewiligine ähmiýet berýändigi barada ozal beren beýanatlaryna dogry gelmeýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar